Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň portalary ýük daşamalarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň portalary ýük daşamalarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenbaşy, Türkmenistan

Bakuwyň halkara deňiz söwda portynyň hem-de Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň wekilleri sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň portalarynda konteýner daşamalarynda portlaryň işiniň sazlaşygy hem-de hyzmatdaşlygy, şeýle-de Türkmenbaşy-Baku-Poti ugry boýunça ýük daşamalary baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Azarbaýjandaky Ilçihanasynyň beýanatyna salgylanyp, “Trend” agentligi habar berýär.

Gepleşigiň dowamynda iki ýurduň deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. COVID-19 pandemiýasy döwründe ýük daşama işlerinde portlaryň sanitar-epidemiologik, gümrük we serhet gulluklarynyň ýakyn hyzmatdaşlyk etmekleriniň ähmiýeti bellenildi.

Deňiz portlarynyň ýolbaşçylary bu kyn ýagdaýlarda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ýakyn arabaglanyşygyny we özara goldawyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Pandemiýa zerarly kynçylyklara garamazdan ulag geçelgeleriniň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin ýük gatnawlaryny çekmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, amatly geografik ýagdaýa eýe bolan Türkmenistan we Azerbaýjan üçin ulag-üstaşyr infrastrukturanyň ösdürilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Şonuň esasynda, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýurtlar transport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýarlar, ulag pudagynda iri halkara we sebitleýin taslamalary öňe sürýärler we durmuşa geçirýärler diýip, Ilçihananyň beýanatynda bellenildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň deňiz portlarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasynyň goldawy arkaly geçirildi.