Türkmenistan Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine goşant goşýar

Ogulgözel Rejepowa
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine goşant goşýar
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Awaza, Turkmenistan

Aşgabatda geçirilen türkmen-gazak gepleşikleri soňky alty aýyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde esasy ornuny görkezýän duşuşyklaryň üstüni doldy. Türkmenistan awgust aýynda Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny gurady. Bu duşuşyk dünýä meýdançasynda Merkezi Aziýany möhüm geosyýasy çykyş ediji hökmünde sebitiň geljeginiň umumy garaýşyny tassyklady we Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyna itergi berdi. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žapaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, energiýa we transport ugurlary, senagat we oba hojalygy pudaklary, howa, daşky gurşaw we epidemiologiki kynçylyklara bilelikde ýeňip geçmek, medeni gepleşikleri we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýaly strategiki hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu duşuşyklaryň her biri birek-birege hormat we ynam, uzak möhletleýin maksatlaryň we gyzyklanmalaryň umumylygyna düşünmek, hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlaryny täze görnüşler bilen baýlaşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna açyk seretmek şertlerinde geçirildi. Uzak möhletleýin ýakyn we köptaraply gepleşik gözlemekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary esasy ünsi sebit we global gün tertibinde tagallalary utgaşdyrmaklyga, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine has doly düşünmeklige, goşmaça mümkinçiliklerden peýdalanmaklyga we sebit üçin möhüm bolan meseleleri bilelikde çözmeklige gönükdirdiler.

Muňa ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň netijeleri hem şaýatlyk edýär. Ol duşuşuk umumy maksada, ýagny berk söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni hem-de ynsanperwer baglanyşyk bilen Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegi we halklarynyň durmuşy üçin amatly sebite öwrülmegine ýene bir goşant goşdy. Iki ýurduň arasynda gury ýer we deňiz serhetlerini kanuny taýdan hasaba almak ýaly meselelere oňyn çözgüt bolan gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek baradaky ylalaşyk, şeýle hem serhet tertibi boýunça hökümetara ylalaşyk bu duşuşygyň möhüm netijeleridir. Bu resminamalaryň ähmiýeti umumy ykrar edilen garaýyşdan, ýagny goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklardaky islendik dartgynlygy aradan aýyrýan we öndürijilikli hyzmatdaşlygyň giňligini açýan esasy faktor hökmünde döwlet serhetleriniň tertipleşdirilmeginden ugur alýar. Serhetýaka sebitlerde özara söwda zolaklary ýada türkmen-gazak serhedinde “Türkmentelekom” we “Jusan Mobile” kompaniýalarynyň kabel geçirijisini gurmak we aragatnaşyk torlaryny birleşdirmek meýilleri boýunça Şertnamada göz öňünde tutulan hyzmatdaşlyk ýaly gatnaşyklaryň täze görnüşleri döredilýär.

Adaty söwda-ykdysady ugurda özara söwdanyň mukdaryny ep-esli ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler toplumyny kabul etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Gazagystanly hyzmatdaşlarymyz her ýyl sebitara forumlary geçirmegi, Gazagystanyň Mangystaw oblastynda we Türkmenistanyň Balkan welaýatynda awtoulag ýük terminaly bilen ýörite serhet söwda zolagyny döretmegi teklip etdiler.

Ýangyç-energiýa, transport we logistika ugurlary boýunça uzak möhletleýin türkmen-gazak hyzmatdaşlygy täze teklipler bilen baýlaşdyryldy. Taraplaryň halkara bazarlaryna energiýa çeşmelerini iň uly üpjün ediji hökmünde özara potensialyny durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistan tebigy gaz üpjünçiligini guramagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly tehniki, guramaçylyk we beýleki meseleleri düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň kuwwatyny doly ulanmak, Aktaw, Kuryk we Türkmenbaşy portlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, gara ýol aragatnaşygyny ösdürmek, Gazagystana tarap täze awtoulag ýoluny açmak üçin Garabogaz aýlagynyň üstünden köpri gurmak ýaly meseleler ulag we logistika pudagyndaky esasy wezipeler hökmünde çykyş edýärler. Hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlaryndaky geljegi uly taslamalar bilen birlikde, howa giňişligi ýaly täze ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi bellendi.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary oba hojalygy toplumynyň, maşyn gurluşygy, azyk we ýeňil senagat kärhanalarynyň arasyndaky önümçilik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini we beýleki ugurlarda bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iň ýokary derejede geçirilen türkmen-gazak gepleşiklerinde medeni we ynsanperwer ugrunda, ylym we tehnologiýa, sport we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Degişli ministrliklere we bölümlere 2022-nji ýylda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we kino günlerini ikitaraplaýyn esasda guramak tabşyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda gol çekilen iki döwletiň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýanyna görä, taraplar iň ýokary derejede işjeň we konstruktiw gepleşikleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldap, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana eden ilkinji döwlet saparynyň ähmiýetiniň ulydygyny bellediler. Taraplar gatnaşyklaryň mundan beýläkde ösdürilmegi ugrunda çykyş etdiler.

Ogulgözel Rejepowa

Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 27.10.2021 senesinde çap edildi.

 

2022