Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) hasaba alnan eksport-import şertnamalarynyň umumy bahasy 23 milliard 372 million manada deň bolup, olardan eksport şertnamalary amallaryň 23,8%-ni, import şertnamalary amallaryň 76,2%-ni düzdi. Bu barada TDHÇMB-nyň başlygy Begenç Çaryýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy boýunça iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, iş maslahatynyň barşynda TDHÇMB-nyň başlygy on aýyň dowamynda 248 sany birža söwdasy amala aşyrylyp, olarda 2 müň 82 geleşik baglaşylandygyny habar berdi.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, biržada elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Çaryýew elektron resminama dolanyşygynyň, şertnamalary bellige almagyň, birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmek üçin ulgamy tehniki taýdan işläp taýýarlamak we işe girizmek maksady bilen halkara bäsleşigiň yglan edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde TDHÇMB-nyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ozal habar berlişi ýaly, TDHÇMB-da duşenbe güni 1 müň 400 tonna dürli görnüşli polipropilen (PP) satuwa çykaryldy. Bu önümlere isleg ýokary bolup, olar bir günüň dowamynda doly ýerlenildi.