Türkmenistanda 1,25 million tonnadan gowrak pagta ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 1,25 million tonnadan gowrak pagta ýygnaldy
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary öndürijilik görkezen oba hojalyk işgärlerine döwlet baýraklaryny bermek baradaky Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni 5 welaýatyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi. Şu ýyl boýunça türkmen pagtaçy kärendeçileri “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, “ak altynyň” 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda ýygnaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýaz paslynda 620 müň gektara gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun”, “149 F”, “Gubadag-3”, “C-2606” hem-de inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşleri ekildi. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.

Ýygym möwsüminde traktorlaryň 7 müň 600-den, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den we pagta ýygýan kombaýnlaryň 5 müň 500-den gowragy ulanyldy.

Döwlet Baştutanymyz penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky ýygnakda ýokary öndürijilik görkezen oba hojalyk işgärlerine döwlet baýraklaryny bermek baradaky Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara şenbe güni “Mekan” köşgünde baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.