BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak - 2” atly sebitleýin taslamasy 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli uzaldyldy. Bu karar taslamanyň dolandyryş komitetiniň penşenbe güni Almatyda geçirilen adatdan daşary ýygnagynda kabul edildi.
(FAO) ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem bütin dünýäde COVID-19 bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler sebäpli taslamanyň käbir ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi has soňky wagta çenli süýşürildi.
Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylda GEF ulgamy boýunça amala aşyrylan taslama orta möhletleýin baha bermek baradaky jemleýji hasabatda bellenip geçilişi ýaly, köp ugurlarda, ilkinji nobatda tebigy baýlyklary dolandyrmakda netijeli çemeleşmeleri durmuşa geçirmek boýunça möhüm ösüş gazanyldy.
Metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu taslamanyň çäginde hereket edýän döwletleriň hyzmatdaşlygynyň we öňdebaryjy tejribe alyş-çalşygynyň, syýasy, hukuk, institusional mehanizmleriň döremegine hem-de howa şertlerine laýyk gelýän amatly oba hojalyk tehnologiýalarynyň döremegine itergi berdi.
Duşuşygyň dowamynda garaşsyz bilermenler topary taslamanyň ýerine ýetirilişine baha bermekden başga-da, oba maslahat beriş hyzmatlaryny ösdürmekde ýurtlara goldaw bermek, möhüm gözlegleri we netijeleriň durnuklylygyny üpjün edýän beýleki çäreleri geçirmek ýaly birnäçe teklipleri berdiler.
2018-nji ýylyň maý aýynda başlan we býujeti 75 million dollardan gowrak bolan bäş ýyllyk FAO/GEF “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak -2” taslamasy iň uly durnukly tebigy baýlyklary dolandyrmak başlangyçlarynyň biri bolup, taslama gatnaşyjy ýutlaryň hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.
FAO/GEF köp ýurtlariň gatnaşmagyndaky taslamanyň esasy maksady Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak hem-de şor ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary we çemeleşmeleri giňden ýaýratmakdan ybaratdyr.