Noýabr II hepde: eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr II hepde: eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi
Daşary ýurtly işe­wür­ler­ TNGIZT-de ­ön­dü­ri­len­ aras­sa­la­nan­ ýa­kyş ma­zu­dy­ny,­ awia­ke­ro­si­ni­ we­ aras­sa­lanan ­di­zel ­ýan­gy­jy­ny ­sa­tyn ­al­dylar. ­

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 29 million 543 müň­ 200­ ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan, Özbegistandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen arassalanan ýakyş mazudyny, awiakerosini we arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Şeýle-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda öndürilen halylar hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümleri satyldy.

Manat serişdesine BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 19 müň manatlykdan gowrak halylary satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 30 million 625 müň 100 manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykly polietileni, halylary we pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

2022