Oba hojalygy pudagynda tehnologiýanyň tutýan orny

Nurmyrat Mommaýew
Oba hojalygy pudagynda tehnologiýanyň tutýan orny
Emeli intellektual tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly oba hojalygynda önümçiligiň ýokarlandyrylmagy hem-de ýaramly iýmitleriň öndürilmegi meýilleşdirilýär.

Oba hojalygy pudagynyň dünýä bazaryndaky umumy gymmady 3,49 trillion ABŞ dollaryna deň bolup, ol global ykdysadyýetiň 3,4%-i düzýär. Häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalardan oba hojalygy pudagynda hem giňden peýdalanylýar. Tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy oba hojalygy pudagynyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornuna täsir etdi. Oba hojalygynyň dünýä bazaryndaky paýy azalsa-da, önümçiligiň köpelmegi bilen ol köp ýurtlaryň möhüm eksport ugry bolup durýar. Tehnologiýalaryň ulanylmagy oba hojalygynda adam zähmetini azaltsa-da, önümçiligiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy.

Oba hojalygyndaky umumy söwda dolanyşygy 1,5 trillion ABŞ dollaryna barabar bolup, köp ýurtlaryň esasy eksport ugry bolup durýar. Şonuň ýaly-da, oba hojalygy önümleri köp adamyň durmuş üpjünçiliginiň esasy çeşmesini emele getirýär. Oba hojalygy önümçiliginde Hytaý, ABŞ, Russiýa, Braziliýa, Argentina we Türkiýe ýaly ýurtlar tapawutlanýar. Şeýle-hem, ösüp gelýän ýurtlar bu ugurda tehnologiýalaryň, netijeliligiň, bilimiň ýokarlandyrylmagy arkaly önümçilik derejesini artdyrmaga synanyşýarlar.

Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, 2050-nji ýylda dünýäde azyk zerurlygy 70% ýokarlanar. Bu ýagdaýda ýurtlaryň öz-özlerini üpjün etmekleri möhüm bolup, oba hojalygy pudagynda täzeçil tehnologiýalardan peýdalanmak zerur bolup durýandyr. “Huawei” kompaniýasy tarapyndan geçirilen “Akylly oba hojalygy bazary” atly barlaglaryň netijesine görä, 2015-nji ýylda 13,7 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan dünýädäki akylly oba hojalygy bazary 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 30 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlanar. Barha artýan zerurlygy kanagatlandyrmak üçin akylly oba hojalygy hökmünde tanalýan emeli intellektual tehnologiýalar oba hojalygynda has güýçli depginde ulanylyp başlandy.

Emeli intellektual tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly oba hojalygynda önümçiligiň ýokarlandyrylmagy hem-de ýaramly iýmitleriň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Sanly oba hojalygy ulgamy ekiş, suwaryş, kesellere we howa şertlerine gözegçilik etmek ýaly ugurlarda peýdaly bolup biljek oba hojalygy tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Awtonom robotlar we dronlar, datçikler hem-de zatlaryň interneti bu tehnologiýanyň düzüm bölekleridir.

Oba hojalygynda emeli intellektual programmalaryny birnäçe topara bölmek bolar. Olar syn-seljerme çaklama, ýer we ekinlere gözegçilik, oba hojalyk robotlaryndan ybaratdyr.

Häzirki wagtda täze işlenip düzülen oba hojalyk robotlaryny ulanmak boýunça gözlegler dowam edýär. Oba hojalygyndaky robot programmalaryny açyk meýdan we ýapyk meýdan robotlary diýip atlandyrmak bolar. Ýapyk meýdan robotlary esasan azyk senagatynda ulanylýar. Açyk meýdan robotlary bolsa oba hojalygynyň iň täze tehnologiýalaryny öz içine alyp, onda kamera, datçik we nawigasiýa ýaly enjamlar ornaşdyrylandyr. Köplenç miwe we gök önümleri ýygnamakda ulanylýan bu robotlar hasyly awtomatiki usulda gaýtadan işlemek aýratynlygyna eýedir. Ekiş, suwaryş, dermanlaýyş, pürdeme, öri meýdan we silos robotlary hem açyk meýdan robotlarynyň hataryna girýär.

Türkmenistan hem soňky döwürde adaty usullary häzirki zaman tehnologiýasy bilen birleşdirip, oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin syýasat alyp barýar. Howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we suw serişdelerini dolandyrmak boýunça Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistanda oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk oba hojalygy ulgamlaryny we öňdebaryjy oba hojalyk usullaryndan peýdalanmak, amatly iş mümkinçiliklerini döretmek, oba hojalygynda adam zähmetini azaltmak we öndürijiligi ýokarlandyrmak maksat edinilýär. Türkmenistanyň hökümeti bilen bir hatarda ýurdyň hususy pudagy hem oba hojalygynda iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly wagty we energiýa çeşmelerini tygşytly sarp edýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022