Köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy peseldildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy peseldildi
Köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy 2 ýyl, zerur iş döwri bolsa 5 ýyl azaldyldy.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Täze girizilen üýtgetmeler we goşmaçalara görä, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň pensiýa almak hukugyna eýe bolarlar.

Hereket edýän kanunçylyk bäş ýa-da ondan köp çaga dogrup, sekiz ýaşa çenli terbiýeläp, azyndan 15 ýyl hökmany pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyna gatnaşan 54 ýaşdan geçen aýallaryň pensiýa hukugyny göz öňünde tutýar.

Şeýlelik bilen, köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy 2 ýyl, zerur iş döwri bolsa 5 ýyl azaldyldy.

Kanuna girizilen üýtgetmeler nagt töleglere hem degişlidir. Şeýlelikde, bäşinji çaganyň dünýä inmegi üçin berilýän kömek pulunyň ululygy döwlet ýeňilliklerini hasaplamak üçin döredilen esasy mukdaryň 600%, altynjy çaga üçin – 800%, ýedinji çaga üçin – 1000% we ondan soňky doglan çagalar üçin bolsa – 1200% bolar.

2022