“Lukoýl”-yň başlygy Türkmen Liderine Hazardaky energiýa taslamalary boýunça tekliplerini hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lukoýl”-yň başlygy Türkmen Liderine Hazardaky energiýa taslamalary boýunça tekliplerini hödürledi
“Lukoýl” kompaniýasy dünýäniň 30-a golaý ýurdunda iş alyp barýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, işewür ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde “Lukoýl” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň daşary ýurtly, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemişe açykdygyny nygtady. Şeýle-de dünýäde uglewodorod serişdelerini öndürýän iri döwletleriň biri bolan ýurdumyz ýangyç-energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Işewür Hormatly Prezidentimizi “Lukoýl” kompaniýasynyň häzirki wagtda ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

Edara binasy Moskwada ýerleşýän iri nebitgaz kompaniýasy bolan “Lukoýl” 1991-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kompaniýa dünýäniň 30-a golaý ýurdunda iş alyp barýar.

2022