TM Trade söwda platformasy ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TM Trade söwda platformasy ýola goýuldy
Kompaniýalar www.trade.com.tm üsti bilen ulanyjylara duýduryşlaryny we täzeliklerini yzygiderli ýetirip bilerler.

Türkmenistanda dürli iş ugurlaryndaky kompaniýalaryň, telekeçileriň we senagatçylaryň öndürýän önümlerini hem-de ýerine ýetirýän hyzmatlaryny giň gerimli halk köpçüligine hödürleýän www.trade.com.tm – söwda platformasy ýola goýuldy.

Söwda platformasynyň Marketing bölüminiň müdiri Gurban Seýidowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine sişenbe güni beren maglumatlaryna görä, web saýt ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky kärhanalary we olar baradaky maglumatlary aňsatlyk bilen tapmaga, olar bilen aragatnaşygy çalt hem-de aňsatlyk bilen ýola goýmaga ýardam berýär. Şeýle hem, platforma kompaniýalaryň önümdir-hyzmatlaryny türkmen, türk, iňlis we rus dillerinde daşary ýurtlardaky müşderilere mahabatlandyrylan maglumatlar bilen tanatýar.

Bu platforma agzalara şahsy otagyna girip, islendik wagtda kompaniýalara degişli maglumatlary, suratlary özleri tarapyndan täzeläp durmaga mümkinçilik berýär. Müşderiler adresler, telefon belgiler şeýle-de e-mail poçta arkaly göniden-göni ýerleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bilen habarlaşyp bilerler. Kompaniýalary has içgin mahabatlandyrýan www.trade.com.tm web saýty sarp edijileriň (ulanyjylaryň) hem özlerine gerek bolan önümlerini, hyzmatlaryny tiz we aňsatlyk bilen tapmaga ýardam berýär hem-de ähli taraplaryň islegini kanagatlandyrýar. Onuň mobil goşundysy “Google Play” we “App Store” platformalarynda hem elýeterlidir.

Aňsat ulanyşa eýe bolan www.trade.com.tm, web saýty bolmadyk ýa-da internet giňişliginde az tanalýan kompaniýalaryň hem ulanyjylar tarapyndan giňden tanalmaklaryny ýola goýar. Kompaniýalar www.trade.com.tm üsti bilen ulanyjylara duýduryşlaryny we täzeliklerini yzygiderli ýetirip bilerler.

2021-nji ýylyň Sentýabr aýynda öz işine başlan TM TRADE söwda platformasy ýurdumyzdaky kompaniýalary iş ugry boýunça saýlamazdan, tapawutlandyrmazdan ählisini bir ýere jemleýän we olar bilen aragatnaşygy ýola goýýan internet söwda nokadydyr.

TM TRADE websaýty we onuň müşderiler üçin alyp barýan hyzmatlary barada web saýtyň ulanyjylarynyň we agzalarynyň olar baradaky pikirleri örän möhümdir. Ähli pikirler we teklipler boýunça +99324322050, +99362068181 telefon belgiler we info@trade.com.tm e-mail adresiniň üsti bilen olara ýetirilip bilner.