Merkezi Aziýa ýurtlary we Günorta Koreýa özara hereketleriň ugurlaryna seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary we Günorta Koreýa özara hereketleriň ugurlaryna seretdiler
Foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Günorta Koreýanyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri babatynda pikir alyşdylar. (Surat: Täjigistanyň DIM-i)

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde sişenbe güni Daşary işler ministrler derejesinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar özara hereketleriň 4 sany ýörite ugry, ýagny tokaý hojalygy, “ýaşyl” energetika, saglygy goraýyş we sanly tehnologiýalar pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, mejlise “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň DIM-leriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary pandemiýanyň netijelerini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Günorta Koreýanyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri babatynda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow öz eden çykyşynda nobatdaky duşuşygyň gün tertibinde bellenen meseleleriň ählisi boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işini şöhlelendirdi. Ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýetiň ösüşine, şol sanda energetika we senagat ýaly pudaklaryň tebigaty goraýjy ulgamlarynyň giňeldilmegine goşýan ähmiýetli goşandy hem aýratyn bellendi. Mundan başga-da, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň, şol sanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň derwaýys meseleleri hem nygtalyp geçildi.

Bu ugurda, Daşary işler ministri Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna oýlanşykly we netijeli gatnaşmaga berk ygrarlylygyny hem aýratyn belläp geçdi.

Şeýle-de 14-nji hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde, çarşenbe güni Duşanbede Foruma gatnaşyjy-ýurtlaryň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we işewürler toparlarynyň onlaýn görnüşde gatnaşmaklarynda Merkezi Aziýanyň we Günorta Koreýanyň birinji Işewürler forumy hem geçirildi.