BSGG-niň Türkmenistandaky täze wekili baş türkmen diplomaty bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BSGG-niň Türkmenistandaky täze wekili baş türkmen diplomaty bilen duşuşdy
Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Türkmenistan boýunça edarasynyň täze bellenen ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew

Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistan boýunça edarasynyň täze bellenen ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew şenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Zaýsew Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini beýan etdi.

Raşid Meredow hem öz gezeginde Ýegor Zaýsewi BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa geljekki işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen BSGG-niň ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara saglyk gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýugeniň Türkmenistana bolan saparynyň, şeýle hem BSGG-niň Ýewropa boýunça edarasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran missiýasynyň netijelerine seredip geçdiler. Mundan başga-da, COVID-19-a garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň arasynda özara Düşünişmek hakyndaky Ähtnama bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaňy ýakynda adatdan daşary global pandemiýa ýagdaýy sebäpli saglyk ulgamlarynda taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistana gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebitleýin direktory doktor Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky BSGG-niň bilermenler topary hökümet ulgamlary bilen işleşip, bir hepdelik saparyny tamamlady.

2022