Marydaky kömelek ýyladyşhanasy ilkinji hasylyny ýygnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Marydaky kömelek ýyladyşhanasy ilkinji hasylyny ýygnady
Hasyl 1 aýyň dowamynda ýygnalýar hem-de terligine alyjylara ugradylýar.

“Ter kömelek” hojalyk jemgyýeti şu ýyl Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda işe girizen kömelek ýyladyşhanasynda ilkinji hasylyny ýygnady.

Ýyladyşhana 482 inedördül metr meýdanda ýerleşip, häzirki wagtda ýyladyşhananyň 150 inedördül metrinde gelin kömelegiň bol hasyly ýetişdirildi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Ýyladyşhananyň içinde howanyň temperaturasy belli bir derejede saklanylyp, kömelekleriň köpelmegi üçin garaňkylyk hem-de çyglylyk ýeterlik ýagdaýda üpjün edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kömelekler bu ýerde taýýarlanan kompostda ösdürilýär. Kompost oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň netijesinde taýýarlanýar hem-de 14-15 kilogramlyk haltalara gaplanýar. Tohumlary ekilen gelin kömelekler 60 günde ösüp ýetişýär. Hasyl 1 aýyň dowamynda ýygnalýar hem-de terligine alyjylara ugradylýar.

“Ter kömelekler — islegli önüm, onuň komposty bolsa ýokary hilli dökündir. Onuň ösümlikleriň ösüşine, hasyllylygyna örän gowy täsir edýändigini göz öňünde tutup, geljekde täze organiki dökün öndürmegi hem meýilleşdirýäris” diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Berdimyrat Ataýew aýtdy. 

Ýakynda Ahal welaýatynda hem ýylda 1 müň 200 tonna gelin kömelek öndürýän kärhananyň açylmagy meýilleşdirilýär.