Merkezi Aziýanyň tohumçylyk merkezini döretmek teklip edilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň tohumçylyk merkezini döretmek teklip edilýär
Duşuşygyň dowamynda taraplar tohum ösdürip ýetişdirýänleri, genetikleri, inženerleri taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: GDA)

Özbegistanyň Samarkant şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) tohum öndürmek boýunça hökümetara utgaşdyryş geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Samarkantda Merkezi Aziýanyň tohumçylyk we tehnologik merkezini döretmek boýunça teklip öňe sürüldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlise Arkalaşygyň agza döwletleriniň we şol sanda Türkmenistanyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Senagat we ylmy tohumçylyk birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Tohumçylyk merkezini Samarkantdaky “Şelkowo Agrohim” paýdarlar jemgyýetiniň gurulýan golçur kärhanasynyň esasynda döretmek meýilleşdirilýär. Bu merkez ýokary tohumçylyk we tehnologik pudagy döretmäge mümkinçilik berip, GDA agza ýurtlaryň tohumçylyk merkezleriniň ulgamyny hem-de ösümlikleri goramak üçin ulanylýan önümleri, dürli mineral we organiki dökünleri öndürýän kärhanalaryň işini öz içine alar.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda taraplar hünärmen işgärleri, hususan-da hil barlagçylary, seleksionerleri, tohumçylyk boýunça hünärmenleri, genetikleri, inženerleri taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, gowaçany seçip almagyň we tohum öndürmegiň täze usullaryny işläp düzmekde gazanylan üstünlikler we botanika baglaryny hem-de oba ilatly ýerlerini, kiçi we uly şäherleri abadanlaşdyrmagyň geljegi babatynda pikir alşyldy.

Geljek ýylda Geňeşiň 24-nji mejlisini Täjigistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

2022