Türkmenistanyň Bitaraplygy mynasybetli wirtual sergi öz işine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Bitaraplygy mynasybetli wirtual sergi öz işine başlady
Sergi maýa goýujylary çekmäge, içerki we daşarky söwdanyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilýän sergi Türkmenistanyň senagat we önümçilik potensialyny görkezmäge, maýa goýujylary çekmäge, içerki we daşarky söwdanyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Serginiň umumy meýdany 2304 inedördül metrdir. Sergide jemi 50-den gowrak gatnaşyjy bolup, olaryň stendlerinde önümler we hyzmatlar barada doly maglumatlar ýerleşdirilendir.

Sergi öz işini türkmen, rus we iňlis dillerinde alyp barýar we ol bir aý dowam eder.