Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny belledi
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ýekşenbe güni Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Şeýle-de şol gün paýtagtda Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Milli Liderimiz baýramçykyk mynasybetli türkmen halkyna ýollan gutlagynda “Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bitaraplyk dünýäniň abadançylygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen taglymatdyr” diýdi.

Mundan başga-da, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

2022