Dekabr II hepde: eksport geleşikleri $6 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dekabr II hepde: eksport geleşikleri $6 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 5 million 989 müň 650 ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen önümleri satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümler satyldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 459 müň 360 ABŞ dollaryna barabar bolan hem-de 240 million 84 müň 200 manatlykdan gowrak dürli görnüşli matalary, polipropileni we halylary satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.