Türki döwletlerde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramynyň geçirilmegine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türki döwletlerde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramynyň geçirilmegine garaldy
Türki dünýäniň ýurtlarynyň paýtagtlarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini oturtmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar geljek üç ýylyň dowamynda tutuş türki dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramyny geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, türki dünýäniň ýurtlarynyň paýtagtlarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini oturtmak we uly şäherleriň köçelerine beýik şahyryň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guramanyň Sekretariaty bu ugurda giň möçberli işleri alyp barar.

Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak, işewür we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň aýdan gymmatly teklipleri Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariatynda göz öňünde tutulýar we olary durmuşa geçirmek boýunça türkmen tarapy bilen bilelikde tagalla ediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022