Türkmen kopmaniýasy her aýda 24 müň gaba golaý kömelek öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kopmaniýasy her aýda 24 müň gaba golaý kömelek öndürýär
Bu ýerde öndürilýän kömelekler ýörite ýyladyşhanalarda ýetişdirilýär.

Telekeçi Ahmet Annaýewe degişli “Altyn Nur Zamany” hususy kärhanasynda her aýda aýna gaplarda ýerleşdirilen kömelekleriň 24 müňe golaýy öndürilýär.

Kompaniýada öndürilýän kömelekler 480 gramlyk aýna gaplarda satylýar. Bu ýerde gaplanýan gelin kömelekler ýörite ýyladyşhanalarda ýetişdirilýär.

“Rysgal” gazetinde sişenbe güni bellenilişi ýaly, elýeterli bahaly, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler alyjylaryň arasynda ýokary islege eýedir.

Telekeçi Ahmet Annaýewe degişli “Altyn Nur Zamany” hususy kärhanasy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşip, ol 0,5 gektar meýdany eýeleýär.

2022