Türkmenistanda geljek ýyl gowaça ekininden boşaýan 40 müň gektar meýdana ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek, şeýle hem piläniň öndürilýän mukdaryny 200 tonna artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu baradaky teklibi wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew öz hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda beýan etdi.
Hasabatda aýdylyşy ýaly, ozal ýurdumyz boýunça gowaça ekilişi üçin her ýylda 620 müň gektar meýdan bölünip berilýän bolsa, indi welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde gowaça ekilýän ýerleri 580 müň gektara çenli azaltmak boýunça teklip taýýarlanyldy.
Häzirki döwürde ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri öndürmek üçin 55 müň 550 gektar ýer bölünip berildi.
Mundan başga-da, ozal piläniň önümçiligi 2 müň 100 tonna bolan bolsa, geljek ýyl Ahal welaýatynda 145 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna we Mary welaýatynda 30 tonna goşmaça piläniň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, öndüriljek piläniň mukdary 2 müň 300 tonna barabar bolar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ilaty ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen ýylyň dowamynda doly üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi.