“Türkmennebit” döwlet konserni 503 sany guýyny abatlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” döwlet konserni 503 sany guýyny abatlady
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan goşmaça çykarylan nebitiň möçberi 256 müň tonna barabar boldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümine degişli Balkan welaýatyndaky “Nebitgazçykaryş” kärhanasy tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda guýularyň 503-si abatlanyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni beren habaryna görä, meýilnamada göz öňünde tutulandan 29 guýy goşmaça abatlandy. Şeýlelikde, olaryň hasabyna alnan goşmaça nebitiň möçberi hem 256 müň tonna barabar boldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni nebit känleriniň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze känleri gözlemek we derňemek, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

Konsernda häzirki wagtda nebiti çykarmak we gaýtadan işlemek pudaklarynda sanlaşdyrma maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022