Emeli aň tehnologiýasynyň ykdysadyýete goşýan goşandy

Nurmyrat Mommaýew
Emeli aň tehnologiýasynyň ykdysadyýete goşýan goşandy
Emeli aň häzirki döwürde ykdysadyýetde möhüm orny eýeläp başlady. (Surat: “Globalroboexpo”)

Emeli aň gysgaça adamyň beýnisini we pikirleniş ulgamyny göçürmek hökmünde kesgitlenip bilner. Kesgitlemäni has-da ýönekeýleşdirsek, emeli aň – bu kompýuter programmasynyň adamyňky ýaly pikirlenme ukybynyň bolmagydyr.

Häzirki wagtda aýdylýan “Emeli intellekt”, “Senagat 4.0”, “Zatlaryň internedi”, “Kiber-fiziki ulgamlar” we “Hyzmatlaryň internedi” ýaly adalgalar durmuşyň hemme tarapyna öz täsirini ýetirýär. Bütindünýä ykdysady forumynyň başlygy Klaus Şwab dördünji senagat özgertmeleriniň merkezinde emeli aňyň boljakdygyny öňe sürýär.

Emeli aň häzirki döwürde ykdysadyýetde hem möhüm orny eýeläp başlady. “PricewaterhouseCoopers” (PwC) kompaniýasy öz geçiren gözlegleriniň netijesinde 2030-njy ýyla çenli dünýä ykdysadyýetinde emeli aňyň ähmiýetiniň artjakdygyny mälim etdi. Gözlegleriň netijelerine görä, PwC kompaniýasy emeli aňyň global jemi içerki önümi takmynan 14%, başgaça aýdylanda, takmynan 15,7 trillion ABŞ dollary möçberinde ýokarlandyrjakdygyny öňe sürýär. Ykdysadyýeti ösen 12 sany döwlet boýunça “Accenture” kompaniýasy tarapyndan 2016-njy ýylda geçirilen gözleg işleriň netijesine görä, emeli aňyň 2035-nji ýyla çenli global ykdysady ösüş depginini iki esse artdyryp biljekdigi çaklanylýar.

Emeli aňdan iň uly ykdysady peýdany Hytaýyň (2030-njy ýylda jemi içerki önümiň 26% ýokarlanmagy) we Demirgazyk Amerikanyň (2030-njy ýylda jemi içerki önümiň 14,5% ýokarlanmagy) almagyna garaşylýar. Şeýlelikde, iki ýurdyň JIÖ-niň ösüşi global ykdysadyýetdäki ösüşe 10,7 trillion ABŞ dollary möçberinde, başgaça aýdylanda onuň 70% ösmegine goşant goşar.

Işewürler emeli aň esasly tehnologiýalary ulanmagyň geljekde üstünlik gazanmak üçin möhüm şert boljakdygyny belleýärler. Şeýle hem, emeli aňyň ulanylmagy bäsdeşlige ukyplylygy artdyrar diýlip hasaplanýar. Emeli aňdan peýdalanýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary öndürijiligiň artmagy bilen öz girdejilerini ýokarlandyrmagy üpjün edýärler. Bu netijeler işewürlik dünýäsiniň emeli aň tehnologiýasynyň ähmiýetine düşünmeginiň görkezijisi hökmünde kabul edilip bilner. “Senagat 4.0” diýlip atlandyrylýan we önümçilikde adam zähmetini azaldyp, arzan iş güýji ulanýan kärhanalaryň fiziki dünýä bilen wirtual gurşawy datçikler hem-de internet arkaly birleşdirýän kiber-fiziki ulgamlarynda emeli aňyň möhüm orny bardyr. Bu ulgamlarda üpjünçilik zynjyryndan önümçilige, hat-da müşderiniň önümçilikden soňky sarp ediş döwrüne çenli bolan proseslere gözegçilik etmek hem mümkindir.

Emeli aň programmalary daşary söwda pudagynda hem birnäçe artykmaçlyklary berýär. Emeli aň programmalary önüm öndürmekden başlap, gümrük amallaryna çenli ep-esli artykmaçlyklary döredýär. Onuň çykdajylary we wagt ýitgisini azaltmakdan başga-da berýän peýdasy köpdür.

Elektron söwda pudagy emeli aň tehnologiýasynyň intensiw ulanylýan ugurlaryndan biridir. Bu ýerde kärhanalar emeli aňy ulanmak arkaly öz internet sahypalaryndan müşderilerine döredijilikli çözgütleri hödürläp bilerler. Emeli aň tehnologiýasy esasynda işleýän senagat önümçiligi logistika we üpjünçilik zynjyrlary kärhanalarynyň halkara arenasynda bäsdeşlige has ukyply bolýarlar, şeýlelik bilen kärhanalaryň eksport mümkinçilikleri has hem giňeýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022