Lebap welaýatynda 32 müň tonnadan gowrak ýeralma ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda 32 müň tonnadan gowrak ýeralma ýygnaldy
Öndürilen gök — bakja, miwe önümleriniň, ýeralmanyň köp bölegi dessine ýurdumyzyň bazarlaryna ugradylýar we beýleki bir bölegi döwrebap sowadyjy ammarlarda saklanylýar.

Lebap welaýatynyň daýhanlary şu ýyl ýeralmanyň 32 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem, Lebap welaýaty boýunça pomidoryň 13 müň 625 tonnasy, soganyň 22 müň 563 tonnasy, kelemiň 4 müň 510 tonnasy we bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň 42 müň 41 tonnasy ýetişdirildi.

Habarda bellenilmegine görä, welaýatyň daýhanlary mäş, noýba ýaly ekinleriň hem bol hasylyny aldylar.

Öndürilen gök — bakja, miwe önümleriniň, ýeralmanyň köp bölegi dessine ýurdumyzyň bazarlaryna ugradylýar we beýleki bir bölegi “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigine degişli döwrebap sowadyjy ammarlarda saklanylýar.