“Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler
Kaustik sodanyň, hloryň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hususy kärhanalary “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde “Balkanabat” ýod zawodynyň esasynda “Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmegi göz öňünde tutýarlar.

Bu baradaky teklibi wise-premýer Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda beýan etdi. Teklipde bellenilişi ýaly, “Balkanabat” ýod zawodynyň önümhanalarynyň durkunyň hem täzelenmegi, senagatda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň öndürilişiniň ýola goýulmagy hem meýilleşdirilýär.

Hususanda, “Balkanabat” ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloryň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki we daşarky bazarlarda islegleriň durnukly artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerini içgin seljermegi tabşyrdy.

Balkan welaýatynda ýerleşýän “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Bereket” hem-de “Balkanabat” ýod zawodlarynda ýerasty ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek arkaly, ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilip, onuň aglaba bölegi daşary ýurtlara iberilýär.

2022