Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri 13 müň 600 tonnadan gowrak tüwi we tüwi ýarmasy öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagta çenli kärhana boýunça öndürilen önümleriň pul möçberi 18 million 85 müň manada barabar boldy.
Şaly öndürmäge ýöriteleşdirilen kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 30 müň tonna şalyny galyndysyz gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Şu ýyl welaýat boýunça 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonna şaly ýygnalyp, döwlet harmanyna tabşyryldy.