Türkmenistanda täze pomidor sortunyň senagat önümçiligi hödürlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze pomidor sortunyň senagat önümçiligi hödürlenildi
Sortuň şitili köpçülikleýin gögerip çykandan hasyly ýetişip başlaýança 116 gün gerek.

Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi pomidoryň “Aýnur” sortunyň senagat önümçiligini hödürledi.

Täze sort pomidoryň “Wostok 36x” we “Balkan” sortlaryny çaknyşdyrmak arkaly döredildi. Bu sort 2016-2018-nji ýyllarda bäsleşik meýdanynda synag edildi we soňra onuň nusgasy döwlet synagyna iberildi. Gözegçilik döwründe her gektardan 43,4 tonna hasyl alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Täze sortuň üstünde işlän alymlar bu görnüşiň konserwasiýa we pomidor pastasyny ýasamak üçin amatlydygyny anykladylar. Sortuň şitili köpçülikleýin gögerip çykandan hasyly ýetişip başlaýança 116 gün gerek. Ösümligiň boýy 45, ini 40 santimetre ýetýär.

Pomidoryň täze görnüşi ortaça guraklyga we kesele garşy durnuklylyga eýedir. Ol tegelek, tekiz we ýapyk gyzyl reňkdedir. Pomidoryň ortaça agramy 110 grama çenlidir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalaryna degişli umumy meýdany 530,54 gektara deň bolan ýyladyşhanalaryň 500 gektarynda 2021-2022-nji ýyllaryň ekiş möwsüminde pomidor ekilip, 85 müň tonna hasyl alynmagyna garaşylýar. Ýetişdiriljek hasylyň köp bölegini eksporta ugratmak göz öňünde tutulýar.