Türkmenistanda 82,4 müň tonna tüwi ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 82,4 müň tonna tüwi ýygnaldy
Şu ýyl Lebap welaýatynyň daýhanlary 10 müň 200 gektar ýerden tüwiniň 47 müň 400 tonnasyny ýygnadylar.

Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary şu ýyl 18 müň 300 gektar meýdandan 82 müň 400 tonna tüwi ýygnadylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni beren habaryna görä, şu ýyl ekin meýdanlary esasan “Bereketli”, “Müňbaşy”, “Alenga” ýaly ýokary hasyllylygy berýän tüwi görnüşleri bilen ekilipdir.

Şu ýyl Lebap welaýatynyň daýhanlary 10 müň 200 gektar ýerden tüwiniň 47 müň 400 tonnasyny ýygnadylar. Şol bir wagtyň özünde, Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonna hasyl alyndy.

Lebap welaýatynyň daýhanlary şu ýyl ýeralmanyň 32 müň tonnadan gowragyny, pomidoryň 13 müň 625 tonnasyny, soganyň 22 müň 563 tonnasyny, kelemiň 4 müň 510 tonnasyny we bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň 42 müň 41 tonnasyny ýygnadylar.

2022