Türkmenistanda Derweze gaz krateriniň ody söndüriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Derweze gaz krateriniň ody söndüriler
Ýarym asyrdan bäri ody sönmeýän Derweze gaz krateri Aşgabatdan 266 kilometr daşlykda Merkezi Garagumda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Garagum çölünde ýerleşýän Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygy sebäpli bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Şahym Abdrahmanow ýüzlenip, uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny we bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz biz eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig malymyzy ýitirýäris diýip, wise-premýere alymlary ýygnap, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy.

“Tebigy gazy peýdalanjak ýerimizi bolsa özümiz taparys” diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýarym asyrdan bäri ody sönmeýän Derweze gaz krateri Aşgabatdan 266 kilometr daşlykda Merkezi Garagumda ýerleşýär. 1971-nji ýylda Sowet Soýuzynyň geologlary tarapyndan guýy burawlanmagy we gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi esasynda gaz käniniň üstünden baryldy. Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelip, ol guýynyň çuňlugy 30 metre, diametri bolsa 60 metre barabar boldy. Geologlar gazdan zäherlenmegiň öňüni almak üçin ony ýakmak kararyna gelipdiler, emma ol ýerde ýakylan ot henize çenli ýanmagyny dowam etdirýär.