Türkmenistanda kompozit armaturasynyň täze önümçiligi ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kompozit armaturasynyň täze önümçiligi ýola goýlar
Aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasynynyň nusgalyk tapgyry öndürildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow sanly ulgam arkaly anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça toplumyň ministrlikleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Ç.Purçekow aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Algap” hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen “Senagattehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalarynyň alnandygyny aýtdy.

Geljekde “Senagattehnologiýalary” tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturasynyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz ýerli çig maldan kompozit gurluşyk armaturasynyň nusgalary bilen tanşyp, ekologiýa taýdan arassalygy, ykdysady taýdan elýeterliligi bilen tapawutlanyp, bu önümçiligiň ýola goýulmagynyň daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturasynyň möçberini azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli çig maldan täze önümiň synag hökmünde çykarylandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edip, ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda hem-de gurluşyk önümçiliginde bu işi utgaşdyrmak, onuň ylmy esaslandyrmasyny taýýarlamak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

2022