Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Akorda, Nur-Soltan, Gazagystan (Surat: “Reuters”)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda öz kärdeşi K.Tokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi geçen hepdäniň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda Türkmenistanyň soňky günlerde Gazagystanda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigini aýdypdy. Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, Türkmenistan ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhediniň uzynlygy 450 kilometrden gowrak bolup, ol Hazar deňzinden Özbegistan bilen üç nokada çenli uzaýar.

2022