2021-nji ýylda dünýäde azyk önümleriniň bahalary 28% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
2021-nji ýylda dünýäde azyk önümleriniň bahalary 28% ýokarlandy
FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi 2012-nji ýyldan bäri iň ýokary ýyllyk derejesine ýetip, ortaça 27,2% ýokary boldy. (Surat: DPA)

Azyk önümleriniň dünýäde bahalary 2021-nji ýylda 28% ýokarlanyp, soňky 10 ýylyň dowamynda iň ýokary derejesine çykdy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) geçen penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi 2021-nji ýylda ortaça 124,7 bala barabar bolup, 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. 2011-nji ýylda baha indeksi 131,9 bala deň bolupdy.

FAO şu ýyl has durnukly bazar şertlerine dolanmak umydynyň pesdigini aýtdy.

Adaty ýagdaýlarda bahalaryň ýokary bolmagy önümçiligiň artmagyna ýol açýar. Ýöne çig malyň bahasynyň ýokarlanmagy,dowam etýän dünýä pandemiýa we çylşyrymly howa şertleri 2022-njy ýylda bu bazaryň ýagdaýynyň durnuklaşmagyna bolan az umyt berýär” diýip, FAO-nyň baş ykdysatçysy Abdolreza Abbasiýan beýanatda aýtdy.

Aýlyk görkeziji dekabr aýynda ösümlik ýagynyň we şekeriň bahalarynyň ep-esli peselmegi esasynda aşak düşdi. Dekabr aýynda azyk bahalarynyň indeksi 133,7 bala barabar bolup, noýabr aýy bilen deňeşdirilende 0,9% peseldi, emma 2020-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende 23,1% ýokarlandy.

FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi 2012-nji ýyldan bäri iň ýokary ýyllyk derejesine ýetip, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende ortaça 27,2% ýokary boldy. Mekgejöweniň indeksi 44,1%, bugdaýyňky 31,3%, tüwiniňki bolsa 4% peseldi.

Ösümlik ýagynyň bahasy 2021-nji ýylda taryhda iň ýokary derejesine ýetdi we 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 65,8% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde dünýädäki şekeriň bahasy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 29,8% ýokarlanyp, 2016-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

2021-nji ýylda etiň we süýdüň ortaça bahasy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende degişlilikde 12,7% we 16,9% ýokarlandy.

FAO hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň iýul aýynda ýaýradan hasabatyna görä, esasy azyk önümleriniň bahalarynyň geljek on ýylda düşmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022