Dünýä ykdysadyýetinde pagta önümçiliginiň orny

Nurmyrat Mommaýew
Dünýä ykdysadyýetinde pagta önümçiliginiň orny
Pagta bütin dünýäde möhüm girdejili önüm we iş çeşmesidir. (Surat: UzA)

Maýa goýujylar tarapyndan ak altyn hökmünde häsiýetlendirilýän pagtanyň 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda bir funtynyň bahasy 1 dollar 14 sente barabar boldy. Pagtanyň bahasy 2021-nji ýylyň soňky hepdesinde 4,8% ösüş bilen iň köp girdeji getiren önüm boldy we bilermenler pagta bolan ýokary islegiň dowam edýändigini, önümçiligiň peselmeginiň ähtimallygy we eksportyň artmagynyň bu önümiň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boljakygyny aýtdylar.

Pagtanyň bahasynda bu görkeziji geçen 10 ýylyň iň ýokary derejesi bolup, ol egin-eşik pudagynda önümçilik çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar diýlip çaklanylýar.

Pagta bütin dünýäde möhüm girdejili önüm we iş çeşmesidir. Goşmaça gymmaty sebäpli pagta senagaty esasanam ösýän ýurtlarda möhüm orny eýeleýär. Pagta takmynan 100 ýurtda 32 million gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilýär. Soňky 60 ýylyň dowamynda ekin meýdanynda hiç hili üýtgeşiklik bolmasa-da, ekilen gektardan alynýan hasyl ýokarlanýar.

Pagta dünýäde öndürilýän süýümleriň takmynan 35%-ni üpjün edýär we dokma pudagynda ulanylýan iň möhüm hasyllaryň biridir. Dünýäde pagta süýüminiň öndürilişi 1970-nji ýylda 12 million tonna bolan bolsa, 2020-nji ýylda takmynan 26 million tonna ýetdi.

Pagta senagat pudagynyň möhüm çig maly bolandygy sebäpli, köp ýurtlaryň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýedir. Pagta Türkmenistanyň ykdysadyýetinde iň ýokary strategiki ähmiýete eýe bolan oba hojalyk önümleriniň biridir. Pagta senagaty iş orunlara goşandy we eksport girdeýjileri bilen türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudagyny emele getirýär. Pagta käbir ýurtlar üçin umumy eksportyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Pagta eksporty haryt eksportynyň umumy mukdarynyň Özbegistanda 45%, Täjigistanda 20% we Türkmenistanda 15%-ni emele getirýär we bu ýurtlaryň jemi içerki önümine ep-esli goşant goşýar (Özbegistanda 8% we Täjigistanda 8,2%; Türkmenistanda 4%).

Häzirki wagtda Türkmenistan her ýyl 300 müň tonnadan gowrak pagta süýümini öndürip, onuň önümçiliginde dünýäde ilkinji onluga girýär. Pagta Türkmenistanyň oba hojalygynda iň möhüm eksport önümini emele getirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan pagta pudagynda iri eksport ediji ýurtdyr.

Türkmenistanda şu ýyl 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta ýygnaldy we bu eksportyň artmagyna hem goşant goşdy. Türkmenistanyň resmi metbugatynda berlen habara görä, 2021-nji ýylda Ahal welaýatynda 280 müň tonna, Balkan welaýatynda 10 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 275 müň tonna, Lebap welaýatynda 320 müň tonna we Mary welaýatynda 365 müň tonna pagta ýygnaldy.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty