Türkmenabadyň himiýa zawody 270 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa zawody 270 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi
Zawodyň kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody geçen ýyl boýunça fosforly mineral dökünleriň 270 müň 500 tonnadan gowragyny öndürip, sarp edijileri öz önümleri bilen üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyply bolan bu zawodda öndürilen harytlyk önümler jemi 97 million 900 müň manada barabar boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, oba hojalygy üçin zerur önümleri öndürmek bilen bir hatarda kähananyň durkuny täzelemek, täze önümhanalary gurmak bilen baglanyşykly işler hem utgaşykly alnyp barylýar.

Şeýle hem, zawodyň Köýtendag sebitlerindäki şahamçasynda hlorly hekiň önümçiligi hem bökdençsiz dowam edýär. Hlorly hek, esasan, ýerleri we binalary zyýansyzlandyrmakda işjeň ulanylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli bolan bu kärhanada häzirki wagtda jemi 1 müň 400-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Bu kärhana önümhanalaryň 26-syny özüne birleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022