Türkmenistan bilen Lombardiýa sebitiniň işewür gatnaşyklaryna garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Lombardiýa sebitiniň işewür gatnaşyklaryna garaldy
Lombardiýanyň häkimi Attilio Fontana bilen Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň penşenbe güni Milandaky “Palazzo Lombardia” köşgünde Lombardiýanyň häkimi Attilio Fontana bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň sebitleriniň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Toýly Kömekow we Attilio Fontana Lombardiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň senagat, dokma we oba hojalygyny gaýtadan işleýän pudaklarda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de tejribeleriň paýlaşylmagyny göz öňünde tutýan taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler. Şeýle-de Lombardiýa bilen Türkmenistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Mundan başga-da, resmiler ylym we bilim gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe çärelere garadylar. Lombardiýa sebitiniň ýokary okuw jaýlarynda türkmen tehniki hünärmenlerini we inženerlerini taýýarlamak bu pudakda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň arasynda görkezildi.

Häzirki wagtda Lombardiýa Italiýanyň iň köp ilatly we ýokary öndürijilikli sebitidir. Sebit Italiýanyň ilatynyň altydan bir bölegini we Italiýanyň jemi içerki önüminiň bäşden bir bölegini öz içine alýar. Lombardiýa sebitiniň merkezi şäheri Milan bolup, ol Italiýada jemi içerki önüm boýunça iň baý şäherdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022