Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr nyrhlary we Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalara goşular.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda bu şertnamalara goşulmak baradaky teklipleri tassyklady. Bu teklipler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan hödürlendi.
Çakyýew öz beren hasabatynyň çäklerinde Hytaý-Ýewropa ugry boýunça Halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we täze ugurlary açmak, konteýnerli ýük daşamalaryň gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin bäsdeşlige ukyply, amatly nyrh syýasatyny emele getirmegiň wajyplygyny belledi.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, “Türkmendemirýollary” agentligi degişli halkara şertnamalara goşulmak mümkinçiliklerini öwrendi. Munuň özi Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr gatnawlar babatda bitewi nyrhlary ylalaşmak üçin amatly esasy işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer diýip, Çakyýew belledi.
Agentligiň direktory türkmen tarapynyň bu ylalaşyklara goşulmagy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmäge, nyrh babatdaky maglumatlaryny öwrenmäge, demir ýol üstaşyr ulag gatnawlarynyň çäklerini giňeltmäge ýardam etjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylalaşyklara goşulmak bilen baglanyşykly teklipleri tassyklady we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe we peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal, logistika we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.