“Parahat” hususy kärhanasynyň gök we miwe önümlerinden ýygnalyp alnan konsentratlary 2021-nji ýylda Gazagystana, Russiýa hem-de Italiýa eksport edildi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilmegine görä, 2021-nji ýylyň dowamynda konsentrat taýýarlamak üçin 5 müň tonnadan gowrak üzüm, 2 müň 600 tonnadan gowrak pomidor, 600 tonnadan gowrak kädi, 20 tonnadan gowrak şetdaly, 600 tonnadan gowrak alma, 45 tonnadan gowrak armyt çig mal hökmünde peýdalanyldy.
Tomus paslynda müňlerçe tonnadaky çig maldan, gök we miwe önümlerinden ýygnalyp alnan konsentratlar konditer önümlerini öndürýän ýerli telekeçiler tarapyndan satyn alynýar we daşarky bazarlara eksport edilýär.
Kompaniýa “Eçil” we “Joş” miwe şireleriniň, “Özi” gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň, “Süýtli Dere” süýt önümleriniň, “Han Çaý” sowuk çaýlarynyň we “Ýeserje” çaga püreleriniň, “Han şöhlat” şöhlat önümleriniň öndürijisidir.
1993-nji ýylda döredilen “Parahat” hususy kärhanasy tebigy miwe şireleriniň, konsentratlaryň, çaýlaryň, gazly içgileriň, miwe-gök önüm pýureleriniň, pomidor goýultmasynyň, süýt we et önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär.
Şeýle hem, kompaniýa 2012-nji ýylda iýmit önümlerini gaýtadan işlemekde, gaplamakda we gaplaýjy enjamlary öndürmekde Şweýsariýanyň meşhur “Tetra Pak” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.