Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk önümçiligini artdyrýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk önümçiligini artdyrýarlar
2021-nji ýylda söwda nokatlaryna ýumurtgalaryň 8 million 141 müň 800 sanysy iberildi.

Lebap welaýatynyň hususyýetçileri azyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrýarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Geçen 2021-nji ýylyň dowamynda welaýatyň telekeçileri 409,78 tonna konditer önümlerini öndürmegi başardylar. Bu bolsa ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 121,5 tonna artykdyr. Şeýle-de geçen ýyl alyjylara ýokary hilli şöhlat önümleriniň 281,5 tonnasy hödürlendi. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 155 tonna köpdür.

Welaýatyň hususyýetçileri tarapyndan 2021-nji ýylda 728,59 müň dekalitre barabar bolan alkogolsyz içgileri öndürildi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende taýýarlanan önüm 71,01 dekalitr köpdür.

Mundan başga-da, Lebap welaýaty boýunça guşçulygy ösdürmeklige hem aýratyn üns berilýär. 2021-nji ýylda söwda nokatlaryna ýumurtgalaryň 8 million 141 müň 800 sanysy iberildi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 million 903 müň 800 sany ýokarydyr.

Lebap welaýatynyň maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri 2021-nji ýylda 323 tonnadan gowrak et öndürdiler. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende öndürilen et 164 tonna köpdür. Şeýle-de geçen ýylda 1 müň 854,5 tonna süýt öndürilip, söwda nokatlaryna iberildi. 2020-nji ýylda süýdüň 255 tonnasy öndürilipdi.

2022