Türkmen Lideri daşoguzly telekeçiniň guşçulyk işleri bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri daşoguzly telekeçiniň guşçulyk işleri bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti taýýarlanylan towuk etleriniň gaplanylyşy hem-de önümleriň nyşany bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew hojalyk jemgyýetinde bir ýylda 300 tonna guş etiniň öndürilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde jüýjeleriň saklanyş usullary, olaryň näçe wagtda ýetişýändikleri hem-de guşlaryň ot-iýminiň taýýarlanylyşy bilen gyzyklandy.

Telekeçi guşçulyk toplumynda ýylyň dowamynda alty tapgyrda 210 müň jüýjäniň çykarylýandygyny, bir tapgyrda 35 müň jüýje goýberilip, olaryň 45 günde ýetişýändikleri barada habar berdi. Hindi towugynyň mäkiýany 120 günde, horazy bolsa 150 günde ýetişip, mäkiýanyň agramy 8-10 kilograma, horazyňky bolsa 14 kilograma ýetýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz taýýarlanylan towuk etleriniň gaplanylyşy hem-de önümleriň nyşany bilen gyzyklandy.

Hojalyk jemgyýetine ot-iým ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar ýer bölünip berlipdir. Şonuň 20 gektarynda mekgejöwen, 15 gektarynda jöwen, 5 gektarynda arpa, 10 gektarynda bolsa ýorunja ösdürip ýetişdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz toplum hakda aýdylanlary diňläp, telekeçilerimiziň netijeli işlemegi, täze önümçilikleri ýola goýmagy üçin mundan beýläk-de zerur şertleri dörederis diýip, “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň agzalaryna önümçiligi mundan beýläk-de giňeltmegi maslahat berdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan-Daşoguz elektrik geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle-de ýurdumyzyň energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Energetika ministrliginiň welaýat düzümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022