Türkmenistan döwleti Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly tebigy gazyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmaga taýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen sammitiň dowamynda mälim etdi.
Hytaýyň Lideri Si Szinpiniň başlangyjy bilen gurnalan sammite Merkezi Aziýanyň Baştutnalary – Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda ýangyç-energetika pudagynyň ähmiýetini nygtap, Milli Liderimiz 2009-njy ýylda Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan-Hytaý strategik gaz geçirijisiniň işe girizilmegini bu pudagyň öňdebaryjy desgasy hökmünde häsiýetlendirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Biz energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň ýoly bilen öňe hereket etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çykyşy we teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Si Szinpin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumy ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň açylýandygyny aýratyn nygtady hem-de ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle-de sammitiň dowamynda Hytaýyň Lideri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen 2030-nji ýyla çenli özara söwdany 70 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýändigini mälim etdi.