Türkmen Lideri Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow

Ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň has tapawutlanan serkerdelerine döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň, aýratyn-da, edermen Watan goragçylarynyň alyp barýan işleriniň ýurdumyzda asudalygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi hem-de bu çärä gatnaşýanlary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada Permanlara gol çekendigini belledi.

Soňra Milli Liderimiz Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi we ýörite guta ýerleşdirilýän ýadygärlik senenama gol çekdi.

Çäräniň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Watan goragçylarynyň güni we Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

2022