Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
Azerbaýjanyň “ADY Container LLC” we TULM tarapyndan dolandyrylýan “Şair Sabir” gämisi (Foto: ADY Container)

Türkmenbaşy halkara deňiz porty we Azerbaýjanyň Baku portunyň arasynda 2022-nji ýylyň başynda iki ýük gämileriniň gatnawy ýola goýuldy. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşirine TULM duşenbe güni maglumat berdi.

Mundan ozal, Türkmenbaşy bilen Baku portlarynyň arasynda diňe bir fider gämisi gatnaýardy.

“ADY Container” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Azerbaýjanyň “ADY Container LLC” we TULM tarapyndan dolandyrylýan “Şair Sabir” hem-de “Mahmud Rahimow” gämileri Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça konteýnerleri daşaýarlar.

Hazar deňzindäki Hytaý-Ýewropa geçelgesiniň ikinji böleginde ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen iki gäminiň yzygiderli işlemegi ýola goýuldy.

Howa şertlerine baglylykda, gämileriň sany bilen birlikde, hepdelik gämi gatnawlarynyň sany hem iki esse artar. Bu portlaryň arasynda ilkinji gäminiň gatnawy 2019-njy ýylyň aprelinde ýola goýuldy. Häzirki wagta çenli bu iki ugur boýunça 17 müň 500 TEU konteýnerleri daşaldy diýip, “ADY Container” kompaniýasy belledi.

Baku bilen Türkmenbaşy portlarynyň arasynda gämi gatnawyny artdyrmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi “Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň,  “Baku Halkara deňiz söwda porty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň goldawy bilen amala aşyryldy.

Bu ädim “Aziýa-Ýuwaş umman sebiti-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa ulag geçelgesini” ösdürmäge gönükdirilendir. Bu transkontinental multimodal demir ýol ugry degişli ýurtlaryň döwlet demir ýollarynyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda döredildi. Türkiýe hem bu ugra 2021-nji ýylyň dekabrynda goşuldy. Häzirki wagtda bu ugurda konteýnerli ýükler Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň üsti bilen, şeýle hem Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryndan Özbegistana, Türkmenistana, Gyrgyzystana we garşy ugur boýunça ugradylýar.

2021-nji ýylda bu ugurda ýük gatnawy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 101% ýokarlandy. Ýüküň daşalmagy  türk kompaniýasy “Pacific Eurasia Logistics”, Gruziýanyň “GR Logistic and Terminals”, “ADY Container”, TULM, Özbek kompaniýasy “Uzbektemiryolexpedition” we Gyrgyzystanyň Demir ýollary tarapyndan amala aşyrylýar. Taraplar ugurlary gowulandyrmak maksady bilen birnäçe netijeli duşuşyklary  geçirdiler. Bu ugurda netijeli duşuşyk 2021-nji ýylyň maý aýynda gazanylyp, konteýnerler 18 günüň dowamynda Türkiýäniň Izmir şäherinden Gyrgyzystanyň Oş şäherine çenli daşaldy. Kompaniýalar bu ugurdaky sarp edilýän üstaşyr wagty 12 güne çenli azaltmagy maksat edinýärler.

2022