Üpjünçilik zynjyrynda ulag ulgamynyň ähmiýeti

Nurmyrat Mommaýew
Üpjünçilik zynjyrynda ulag ulgamynyň ähmiýeti
2021-nji ýylda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa ugrunda daşalýan konteýnerleriň möçberi iki esse artdy.

Üpjünçilik zynjyrlary soňky iki ýylda diňe bir kärhanalaryň çykdajylary azaltmak üçin bir mümkinçilik bolman, eýsem işewürligiň durnuklylygy, üstünlik hem-de ösüş gazanmak üçin öz möhüm ähmiýetini görkezdi. Häzirki wagtda global üpjünçilik zynjyry syýasatçylardan başlap, kompaniýalaryň ýygnaklaryna çenli iň köp gürrüňi edilýän mowzuklaryň biridir. Sebäbi üpjünçilik zynjyry çig maldan gaplama senagatyna, önümçilikden ulag ulgamyna we ammardan ahyrky sarp edijä çenli ähli basgançaklary öz içine alýar. Bularyň haýsydyr birinde emele gelen näsazlyk sarp edijilere ýetirilýän harytlaryň bahalarynyň üýtgemegine sebäp bolýar. Şunuň bilen baglylykda, üpjünçilik zynjyrynyň iň möhüm bölegi ulag ulgamy bolup durýar.

Soňky ýyllarda ýükleriň gämi arkaly daşalmagynda çykdajylaryň garaşylmadyk ýagdaýda ýokarlanmagy sebäpli kompaniýalar we hökümetler harytlaryň bahalarynyň elýeterligini üpjün etmek üçin alternatiw ýollary gözläp başladylar. Bu ugurda iň amatly ýol demir ýol ulgamydyr.

Türkmenistan iri söwda ýollarynyň, gündogar-günbatar we günorta-demirgazyk ugurlarynyň çatrygynda ýerleşip, Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky strategiki geçelge bolup durýar. 2021-nji ýylda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa ugrunda daşalýan konteýnerleriň möçberi iki esse artdy. Bu daşalýan ýükleriň uly bölegi Türkmenistanyň üsti bilen amala aşyrylýar. Türkmenistandan geçýän üstaşyr geçelgesi arkaly sebitdäki beýleki ýurtlar hem söwda mukdaryny ep-esli derejede ýokarlandyrdylar.

Awtoulag we demir ýol ulaglarynyň köpelmegi Hazar deňzindäki gämi gatnawlaryna hem täsir etdi. Hazar deňzindäki Baku-Türkmenbaşy ugrunyň potensialyny artdyrmak üçin goşmaça gämi gatnawalary ýola goýuldy. Bu ugurda şu güne çenli jemi 17 müň 500 TEU konteýner daşaldy.

Geçen ýyl Türkmenistan Russiýa bilen iki sany gury ýük gämisini gurmak boýunça ylalaşyk gazandy. Gämiler Astrahan oblastynda ýerleşýän Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş merkezi tarapyndan gurulýar. Mundan ozal, gämi gurluşygy üçin Türkmenistandan gelen sargytlaryň umumy bahasy 750 million ABŞ dollaryna barabar bolupdy.

Üpjünçilik zynjyrynyň ulag böleginde ýüze çykan kynçylyklary aradan aýyrmak üçin Türkmenistanyň transport infrastrukturasynyň ulanylmagy ýurduň infrastruktura maýa goýumlarynyň netijeli ulanylýandygyny görkezýär. Howpsuzlygy we elýeterli bahasy sebäpli, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden daşalýan üstaşyr ýükleriň mukdary 3,5 esse ýokarlandy.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022