Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynda öndürilýän pomidor hasylynyň 80%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär, hasylyň galan bölegi bolsa içerki bazarlarda ilata hödürlenýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada pomidor hasylyny ýygnamak işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar, şeýle hem ýylyň dowamynda 2 müň tonnadan gowrak ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa pomidor hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar.
Jemi 8,5 gektar meýdanda ýerleşip, 6 bölekden ybarat bolan bu kompaniýanyň ýyladyşhanasynda pomidoryň 192 müňden gowrak düýbi ösdürilip ýetişdirilýär.
Kärhananyň ýyladyşhanalar toplumynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilmegi pomidoryň bol hasylyny ýetişdirmeklige, ýagny her düýpden ortaça 13 kg, her gektardan bolsa, 230-250 tonna ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa pomidor hasylyny almaklyga mümkinçilik berýär.
“Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumy 2021-nji ýylyň 25-nji martynda açylyp ulanylmaga berildi. Bu döwrebap ýyladyşhananyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem pomidor nahallarynyň kokos gabygynyň gyryndylary ýerleşdirilen gaplarda ýetişdirilýänligindedir.