GDA Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna synçy ibermäge taýýardygyny aýdýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna synçy ibermäge taýýardygyny aýdýar
Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi şu ýylyň 12-nji martynda Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky Karary kabul etdi.

Garaşsyz döwletler arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasy Türkmenistanyň hökümeti 12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça çakylygyny iberse, bu meselä sereder. Bu barada Demoktratiýanyň, parlamentarizmiň ösüşine gözegçilik etmek we GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak boýunça halkara institutynyň direktory Iwan Muşket şenbe güni TASS agentligine beren beýanatynda aýtdy.

“Islendik döwlet saýlawlara ýa-da sala salşyklara gözegçilik etmek üçin GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasyna çakylyk iberip biler” diýip, Muşket Türkmenistanda saýlawlaryň geçiriljek senesi barada beren beýanatynda belledi.

Iwan Muşket guramanyň synçylarynyň ozal Türkmenistandaky saýlaw proseslerine gözegçilik edendiklerini aýtdy.

Muşket guramanyň Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary bilen saýlaw prosesini kämilleşdirmek boýunça toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

“15 ýyl bäri institutymyz GDA agza ýurtlarda demokratik saýlawlaryň, saýlaw hukuklaryň we azatlyklaryň ülňüleri baradaky Konwensiýa esasynda döredilen halkara saýlawlara gözegçiligi we saýlaw prosesini kämilleşdirmek boýunça usullary taýýarlady we birnäçe gezek synagdan geçirdi. Biz bu ugurdaky  tejribämizi we bilimlerimizi paýlaşmaga taýýardyrys” diýip, Institutyň direktory Muşket nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi şu ýylyň 12-nji martynda Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky Karary tassyklady.

2022