Türkmen işewürleri ýanwarda 10,5 müň tonna pomidor eksport etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewürleri ýanwarda 10,5 müň tonna pomidor eksport etdiler
Bol hasyl esasan-da, Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Birleşen Arap Emirliklerine iberildi.

Türkmen hususy pudagyň wekilleri şu ýylyň ýanwar aýynda 10 müň 500 tonna pomidor eksport etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) penşenbe güni habar berdi.

Bol hasyl esasan-da, Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Birleşen Arap Emirliklerine iberildi.

Birleşmäniň bellemegine görä, Türkmenistanda oba-hojalyk ekinlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Olar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlar daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar.

Geljekde daşary ýurtlara iberilýän pomidor hasylynyň mukdaryny artdyrmagy göz öňünde tutýan türkmen telekeçileri bu ugurda ýyladyşhanalarda yzygiderli zerur işleri geçirýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 188 sany ýyladyşhana toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Gurulýan ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 1 müň 792 gektara barabardyr. Häzirki wagtda olaryň enjamlaşdyryş we ulanyşa tabşyrmak işleriniň dürli tapgyrlary amala aşyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022