Prezident saýlawlaryna täze üç dalaşgär hödürlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident saýlawlaryna täze üç dalaşgär hödürlenildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň duşenbe güni Aşgabatda geçiren nobatdan daşary III gurultaýy

Daşoguz welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň raýatlarynyň teklipçi toparlary hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy duşenbe güni şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy duşenbe güni Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary III gurultaýynyň dowamynda “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy ýurduň iň uly wezipesine dalaşgärlige hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Babamyrat Meredow 2001-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-sistemotehnik hünäri boýunça tamamlap, 2012-nji ýylyň aprel aýyna çenli Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde informatika mugallymy bolup işledi. B.Meredow 2012-nji ýylyň oktýabryndan bäri “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetine ýolbaşçylyk edip gelýär.

Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň raýatlarynyň teklipçi topary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewi Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Hydyr Nunnaýew Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebini tamamlap, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hataryndaky harby gullugyndan soňra, 1997-nji ýylda zähmet ýoluna başlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna girmezinden ozal, ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda işledi. 2003-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, Ahal welaýatynyň Tejen etrap hassahanasynda lukman bolup işledi. 2005-2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynda mugallym, 2011-nji ýylda bolsa bu kafedranyň müdiri bolup işledi. 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Maksat Ödeşow 2000-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň elektrik aragatnaşyk kärhanasynda operator wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 2002- 2008-nji ýyllarda M.Ödeşow bu etrabyň häkimliginde dürli wezipelerde işledi, 2008-nji ýylyň dekabr aýynda TDP-niň etrap komitetiniň sekretarlygyna saýlandy, 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli bu komitetiň başlygy. Şeýle-de dalaşgär Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty boldy.

Duşenbe güni Aşgabatda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy bellige aldy.

2022