Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow arasynda Mowkwada sişenbe güni geçirilen duşuşyk (Surat: Russiýanyň Daşary işler ministrligi)

Türkmenistan Russiýa bilen gatnaşyklary has-da ösdürmegi we giňeltmegi maksat edinýär diýip, Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda aýtdy.

“Düýn Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň wekiliýetimizi Moskwa iberip, Ministrler Kabinetiniň agzalary we welaýatlaryň häkimleri bilen duşuşyp, bu iş saparyna aýratyn ünsi çekdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasy bilen strategiki hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Mundan ugur alyp, biz mundan beýläk-de ösüşe we birnäçe pudaklarda  gatnaşyklarymyzyň giňeldilmegine ygrarlydyrys” diýip, Raşid Meredow aýtdy.

Meredow Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýakyn syýasy we diplomatik, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň bardygyny hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösýändigini nygtady. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň belleýşi ýaly, Daşary işler ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatynda pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Raşid Meredow we Sergeý Lawrow ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki Beýannama kabul etdiler, şeýle-de şol gün mynasybetli  bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna, 2022-2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň Meýilnamasyna gol çekdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Russiýanyň beýleki döwlet düzümleri bilen gepleşikleri geçirdi.

2022