FAO Türkmenistana pagta önümçiligini kämilleşdirmekde ýardam berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO Türkmenistana pagta önümçiligini kämilleşdirmekde ýardam berýär
Pagta Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) sişenbe güni Türkmenistanda pagta hasylyny mehanizasiýalaşdyrmak we Türkmenistan bilen Türkiýäniň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagy guramak üçin sanly ulgam arkaly seminar geçirdi.

Seminara Türkiýäniň Oba hojalygy we tokaý ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada FAO-nyň Türkiýedäki wekilhanasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Beýanatda bellenilmegine görä, pagta Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Tutuş ýurt boýunça zähmet çykdajylaryny azaltmak, ykdysady girdejini artdyrmak we Türkmenistanyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin hasyl almakda esasan, kämilleşdirilen mehanizasiýa maslahat berildi.

Çäräniň dowamynda FAO-nyň Türkmenistandaky wekili Berdi Berdiýew Türkiýäniň Oba hojalygy we tokaý ministrliginiň pagta gözleg instituty bilen gol çekilen hyzmatdaşlyk şertnamasynyň ähmiýetini belledi. Bu şertnama pagta önümçiligi mehanizasiýasynda Türkiýäniň tejribesiniň paýlaşylmagyny maksat edinýär. Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Maliýe bölüminiň başlygy Kakageldi Rejepow  Türkmenistanda pagta önümçiligi bilen bagly hereket edýän kanunlar barada maglumat berdi.

FAO-nyň Türkiýedäki  wekili, Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutu pagta hasylyny mehanizasiýalaşdyrmakda Türkiýäniň tejribesiniň ähmiýetini belläp, Türkmenistanda oba hojalygyň ösdürilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň iki ýurduň we FAO-nyň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigine ynam bildirdi.

Türkiýäniň Oba hojalygy we tokaý ministrliginiň Oba hojalyk ykdysadyýetini we syýasatyny ösdürmek institutynyň wekili Tijen Özüdogru mehanizasiýalaşmagyň talaplary bilen tanyşdyrdy. Bu geçişiň türkmen pagtasynyň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga has-da itergi berjekdigi bellenildi.

Türkmen we türk wekiliýetleri Türkmenistanda pagta hasylyny we pagta önümçiligini kämilleşdirmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.

2022