Merkezi bank barada düşünje we Türkmenistanyň merkezi bankynyň wezipeleri

Nurmyrat Mommaýew
Merkezi bank barada düşünje we Türkmenistanyň merkezi bankynyň wezipeleri
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binasy

Merkezi bank diýlende adamlaryň aňynda ähli banklaryň merkezi diýen düşünje peýda bolýar. Eýsem Merkezi Bank näme? Onuň wezipeleri nämelerden ybarat?

Merkezi Bank pul syýasaty we töleg ulgamynyň sazlaşykly işlemeginden, şeýle hem käbir ýagdaýlarda milli ykdysadyýetlerde we ýurtlaryň bileleşiginde (Ýewropa Bileleşigi) maliýe pudagyny kadalaşdyrmak we gözegçilik etmek üçin jogapkär edara bolup durýar. Başgaça aýdylanda, Merkezi Bank pul boýunça iň ygtyýarly edaradyr. Puldan tapawutlylykda, Merkezi Bank ätiýaçlyk gorlaryny ulanýar. Ätiýaçlyk gorunyň nämedigine düşünmek üçin, ilki bilen pulyň nämedigine düşünmek gerek.

Puluň esasy üç aýratynlygy bolup, bularyn ilkinjisi puluň alyş-çalyşda (barter) ulanylmagydyr. Ikinjiden gymmatlyk toplamak we baýlyk ýygnamak üçin aýratynlyga eýedir. Üçünji aýratynlygy bolsa hereketliligidir. Başgaça aýdylanda, haryt ýa-da emläk ýaly mülkleriň deregine pul götermek amatlydyr. Şeýlelikde, ätiýaçlyk gorunyň asly puldan ybaratdyr. Emma ätiýaçlyk gorlarynda puluň ýokarda agzalan üç aýratynlygynyň biri kemdir. Puldan tapawutlylykda,ätiýaçlyk gory bilen haryt satyp ýa-da haryt satyn alyp bolmaýar. Ätiýaçlyk gory dolanyşykdaky puluň girewidir.

Merkez Bankyň işiniň ilkinji we ahyrky maksady, döwlet bähbitlerine laýyklylykda kesgitlenmeli. Iş ýüzünde Merkez Bankyň birnäçe esasy maksady tapawutlanýar, ýagny:

  • bahanyň durnuklylygy,
  • deňagramly ykdysady ösüşi öňe sürmek,
  • durnukly walýuta hümmetini saklamak,
  • maliýe durnuklylygy.

Merkezi bankyň esasy maksady ýa-da maksatlary merkezi bank kanunçylygynda ýa-da düzgünnamalarynda görkezilip, köpçülige aýan edilýär.

Umuman aýdylanda, dünýäde Merkez Banklar garaşsyz edaralardyr. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Merkezi banky hem “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda” Kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda garaşsyz edaradyr. Şeyle hem, bu kanunda merkezi bankyň esasy wezipeleri we borçlary kesgitlenendir.

1. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wezipeleri:

1.1 Manadyň durnuklylygyny üpjün etmek

1.2 Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we pugtalandyrmak.

2. Peýda almak Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň maksady däldir.

3. Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy borçlarydyr:

3.1 Türkmenistanyň bank ulgamynyň işlemegi üçin zerur hukuk şertlerini we kepilliklerini döretmek;

3.2 netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmek;

3.3 nagt pul dolanyşygyny guramak;

3.4 hasaplaşyk-töleg ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün etmek;

3.5 bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny guramak;

3.6 bahalaryň durnuklylygyny saklamak;

3.7 karz edaralarynyň kreditorlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramak;

3.8 Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek;

3.9 döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) netijeli dolandyrylmagyny üpjün etmek.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022