Prezident saýlawlary saýlawçylaryň 97,12%-niň ses bermegi bilen tamamlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident saýlawlary saýlawçylaryň 97,12%-niň ses bermegi bilen tamamlandy
Türkmenistanda 2 müň 577 saýlaw uçastoklarynda sagat 07:00-da möhletinden öň Prezident saýlawlaryna ses bermek başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň möhletinden öň saýlawlary boýunça ses bermek sagat 19:00-da saýlawçylaryň 97,12%-niň ses bermegi bilen tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw topary mälim etdi.

Türkmenistanda 2 müň 577 saýlaw uçastoklarynda sagat 07:00-da möhletinden öň Prezident saýlawlaryna ses bermek başlandy. Ýurdymyzda Prezident saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3,45 milliondan gowragy hasaba alyndy. Merkezi Saýlaw topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.

Merkezi Saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,68%-i, Balkan welaýatynda 97,29%-i, Daşoguz welaýatynda 96,80%-i, Lebap welaýatynda 97,13%-i, Mary welaýatynda 96,97%-i, Aşgabat şäherinde bolsa 97,51%-i ses berdiler.

Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 90,93%-i saýlawçylar ses berdiler. Daşary ýurtlardaky käbir saýlaw uçastoklarynda ses bermek dowam edýär.

Saýlawda ilkinji bolup ses berenleriň arasynda häzirki Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bar. Milli Liderimiz Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde 48-nji saýlaw uçastogynda öz käbesi bilen ses berdi. Çärä birnäçe ýerli we halkara habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz ses berenden soň beren beýanatynda saýlawlaryň taryhy wakadygyny aýdyp, onda halkyň täze Prezidenti saýlajakdygyny belledi. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz saýlawlaryň demokratik, deňhukukly we kanuny esasda hem-de aç-açan geçirilýändigini aýtdy.

Şu ýylyň 19-njy martynda “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre geçiriler.

2022